Arkadagyň öwütleri – ýaşlara ýol-ýörelge

19 Ýanwar 2024
491

Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň ruhy we akyl kämilliginde, halkyň genofondunyň sagdynlygynda ýüze çykýar. Munuň birnäçe şertlere esaslanýandygyny bellemek gerek. Şol şertleriň möhüm bölegi bolsa sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň sazlaşykly ösüşinde jemlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi bilen, ulgamyň ýetýän belent sepgitleri türkmen ýaşlarynyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Olaryň sport ýaryşlarynda netijeli çykyş etmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşmagy röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygyny şertlendirýär.

Täze taryhy eýýamda jemgyýetimizi döwrebap derejede ösdürmäge uly üns berilýär. Muňa ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny ähli taraplaýyn ösdürmek hem-de goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren taryhy ähmiýetli umumy sapagynda hem aýdyň şöhlelendi.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.