Türkmen diplomatiýasynyň rowaç gadamlary

18 Ýanwar 2024
634

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamalarynda aýdyň şöhlelenýär

Türkmenistan — Bitarap döwlet. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, deňagramly daşary syýasaty amala aşyrýan, öz oňyn teklipdir başlangyçlary bilen dünýäniň syýasy işlerine işjeň gatnaşýan döwlet. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynda biziň ýurdumyzyň öňbaşçylygynda kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalaryň 22-si hem aýdyň görkezýär. Uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýylyň ahyrky günlerinde bolsa şolaryň üsti täze resminamalaryň ýene ikisi — «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» we «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar bilen ýetirildi. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp ýeňşi bolup, döwletimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ulgamlaýyn hem yzygiderli häsiýete eýedigini, olaryň tutanýerlilik bilen durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».