Gatnaşyklar berkidilýär

17 Ýanwar 2024
491

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl üstünliklere beslendi. Geçen ýyl, hususan-da, ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça hem baý wakalar bilen jemlendi. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna, şeýle hem 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara derejeli gol çekilen resminamalaryň 250-si bilen ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda, umumadamzadyň bähbidine beýik ösüşleri gazanmakda möhüm ähmiýetli ýurda öwrülýändigini şertlendirýär.

Goý, berkarar Diýarymyzyň abraý-mertebesini dünýäde belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Muhammet MUHAMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.