Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi

9 Ýanwar 2024
619

Bahry-Hazaryň kenarynda mesgen tutan eždatlarymyz ata-baba balyk awlapdyrlar, beýleki halklar bilen suw ýoly arkaly özara söwda edipdirler. Suw üsti ýol ýasamak, elbetde, gury ýerdäki ýaly däl, onda ne yz bar, ne-de toz, ol deňizçiden iňňän uly tejribäni talap edýär.

Esenguly, Çeleken, Gyzylsuw ýaly deňiz kenarynda ýaşan türkmen balykçylarynyň kiçi taýmyldan başlap, uly göwrümli gämileri ýasandyklary hakyndaky hakyda biziň şu günlerimize deňiç saklanyp galypdyr. Şol milli suw ulaglarynyň iň kiçisi taýmyl bolup, ol özüniň görnüşi boýunça adaty sport baýdarkasyna çalym edýär. Ol howa ýagdaýyna görä, ýelken hem-de kürek bilen dolandyrylýar. Taýmyl kenar ýakasynda balyk awlamakda, golaý aralykdaky obalara gidilende giňden peýdalanylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda kenardaky Çekiçler, Gyzylsuw, Garagöl, Gyýanly obalarynda dommal, taýmyl ýaly suw ulaglary has-da ýörgünli bolupdyr. Şol ýerde ýaşan tejribeli balykçylaryň birnäçesi 1936-njy ýylda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) — Moskwa aralygyna gurnalan taýmylly ýörişe gatnaşyp, 4 müň 653 kilometre golaý ýol aşyp, ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdirler. Annak Geldiýew, Oraz Taganow, Garaderwüş Ilamanow, Baýjan Ataýew, Sary Orazow, Hajytuwak Mämmetannaýew, Hudaýberdi Baýramow, Berdiguly Aşyrow, Gurbanýaz Kowusow ýaly ezber taýmylçylar şol taryhy ýörişde öçmejek yz galdyrdylar.

Toýjan BORJAKOW,
žurnalist.