Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

8 Ýanwar 2024
496

5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

«Watan».