Döwrebap uçarlar Diýarymyzyň howa gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär

7 Ýanwar 2024
506

5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.

Ýeri gelende, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.

Merdan Orazmeredow,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.