Türkmenistan — Eýran: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

5 Ýanwar 2024
636

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu pajygaly waka zerarly doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýändigi aýdyldy.

"Nesil".