Sport — saglygyň binýady

29 Dekabr 2023
413

Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýelemek ugrunda ýurdumyzda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiziň röwşen çyragy bolan ýaşlaryň saýlan ugruny kämilleşdirmekde, haýsy kärde zähmet çekýändigine garamazdan sport görnüşleri, bedenterbiýe hereketleri bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem sport binalarynyň, desgalarynyň, mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi ýerli halkyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Murgap etrap bedenterbiýe we sport bölümi, 1-nji we 2-nji sport mekdeplerinde sport ulgamyny ösdürmek, ýaş nesilleri sporta çekmek babatynda alyp barýan işleri muňa aýdyň mysaldyr.

Ata ABDYLLAÝEW,
Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.