Gyzykly futbol «Premier Ligada» dowam edýär

29 Dekabr 2023
390

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 19-njy tap­gyr­da «Nýu­kasl» öz meý­dan­ça­syn­da «Not­tin­gam Fo­rest­den» 3-1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Kris Wu­duň het-tri­gi bi­len ýeň­şi­ni baý­ram eden «Not­tin­gam Fo­rest» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 1988-nji ýyl­dan soň il­kin­ji sa­par ut­dy. «Ar­se­nal» bi­len öz meý­dan­ça­syn­da deň­me-deň oý­nan «Li­wer­pul» 19-njy tap­gyr­da «Börn­li­ni» Nun­ýes hem-de Žo­ta­nyň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tap­gy­ryň çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nun­da «As­ton Wil­la» myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len du­şuş­dy. Bir­min­gem şä­he­ri­niň we­ki­li 1-nji ýa­rym­da Mak­ginn hem-de Den­don­ke­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­sa-da, 2-nji ýa­rym­da ýer eýe­le­ri ýaş oýun­çy­la­ry­nyň gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 59-njy we 71-nji mi­nut­lar­da Gar­na­ço ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by deň­le­se, Heý­lunn 82-nji mi­nut­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Ras­mus Heý­lunn APL-dä­ki il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­rip, ol bu ar­zu­wy­na 15 oýun­da ýet­me­gi ba­şar­dy. «Şef­fild Ýu­naý­ted» bi­len «Lu­ton Taw­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 4 gol ge­çir­se-de, 3–2 ha­sa­byn­da utul­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­nyň ge­çi­ren 3 go­lu­nyň soň­ky 2-si­ni «Şef­fild Ýu­naý­ted» to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry öz der­we­ze­sin­den gi­riz­di. «Ful­ha­my» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Born­mut» to­pa­ry soň­ky 7 du­şu­şyk­da 6-njy ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Kris­tal Pa­las­dan» 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «Man­çes­ter Si­ti» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Ewer­ton» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

«Inter» bilen «Ýuwentus» arany açýar