Fa­tih Te­rim meş­hur grek to­pa­ry­na tälim berer

29 Dekabr 2023
359

Gre­si­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ryn­dan «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tür­ki­ýe­li meş­hur tä­lim­çi Fa­tih Te­ri­mi to­pa­ryň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­di. Pi­reý şä­he­ri­niň klu­by 70 ýa­şyn­da­ky tej­ri­be­li hü­när­men bi­len 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şar. 4 dür­li dö­wür­de «Ga­la­ta­sa­ra­ýa» je­mi 13 ýyl tä­lim be­ren Te­rim 3-nji ge­zek baş­ga bir ýur­duň to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lar. Te­rim 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Ita­li­ýa­nyň «Fio­ren­ti­na» hem-de «Mi­lan» klub­la­ry­na tä­lim be­rip­di.

Ge­çen möw­süm pleý-off tap­gy­ryn­da çem­pi­on­ly­gy AEK to­pa­ry­na al­dy­ran «Pa­na­ti­nai­kos» hä­zir­ki wagt­da 15 oýun­da 34 utuk top­lap, 55 utuk­ly sa­na­wyň li­de­ri PA­OK-dan soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Te­ri­miň grek klu­bun­da il­kin­ji sy­na­gy ýan­war aýy­nyň baş­la­ryn­da «PAS Ýa­ni­na» to­pa­ry­na gar­şy bo­lar. Şeý­le-de, ýan­war aýyn­da «Pa­na­ti­nai­kos» to­pa­ry tä­ze tä­lim­çi­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ku­bok ýa­ry­şyn­da kö­ne bäs­de­şi «Olim­pia­kos» bi­len du­şu­şar.