Netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

25 Dekabr 2023
812

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda» atly dabaraly maslahat geçirildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, şol sanda ÝUNESKO kafedralarynyňdyr klublarynyň, şeýle hem bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen umumybilim berýän orta mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler taryhy we medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, gorap saklamak, ýurdumyzda we halkara derejede wagyz etmek, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim, tehnologik we maglumat merkezleri, ylmy-barlag edaralarydyr ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işlere üns çekdiler. Bu guramanyň kafedralarynyňdyr klublarynyň wekilleri onuň şeýle ugurdaş birleşmeleri bilen bilelikde okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary, monografiýalary we ylmy makalalary taýýarlamak, özara tejribe alyşmak, dürli ugurlar boýunça ylmy-gözleg işlerine ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, maddy we medeni mirasymyz, dermanlyk ösümliklerimiz boýunça kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Bahargözel GAÝYPNAZAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.