Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 21,6 göterim artdyrdy

24 Dekabr 2023
686

Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim ýokarlandy we 2,06 million tonna ýetdi.

Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 129,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ogulbahar Geldimämmedowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.