Türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilýär

22 Dekabr 2023
638

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça okgunly ösüşe beslenendigi barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şertidigini belledi.

«Watan».