UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykan 16 klub belli bolupdy. Şol klublaryň 4-si Ispaniýadan bolup, Italiýadyr Germaniýadan 3 klub ýaryşy dowam eder. Bu ýaryşyň öňdebaryjylaryndan hasaplanýan iňlis klublarynyň 2-si 1/8 finala çykyp, şu görkeziji soňky ýyllaryň iň pes netijesi diýlip bellenilýär. Şeýle-de, Daniýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan hem-de Portugaliýadan 1 klub 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.
«Mançester Siti» toparyna ýene-de ýeňil bije