Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 1/8 finalda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. «Serie A»-nyň soňky çempiony «Napoli» öz meýdançasynda «Frozinone» toparyndan 4–0 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy. «Frozinone» toparyna ýeňiş getiren gollary Barreneçea (65), Kaso (70), Çeddira (90+1 p) hem-de Harrui (90+5) derwezä girizdi. «Napoli» 65 ýyldan soň kubok ýaryşynda 4 gol aratapawut bilen ýeňildi.
1/8 finalyň başga bir duşuşygynda-da kubogyň häzirki eýesi «Inter» öz meýdançasynda «Bolonýa» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň esasy wagty golsuz tamamlandy. Goşmaça wagtda, has takygy, 92-nji minutda «Inter» Karlos Augusto bilen öňe geçse-de, «Bolonýa» yzly-yzyna 2 gol geçirip, çärýek finala çykmagy başardy. Gollary 112-nji minutda Beukema bilen 116-njy minutda Ndoýe derwezä girizdi.