Latwiýanyň we Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärleriniň arasynda onlaýn ýygnak geçirildi

22 Dekabr 2023
503

Golaýda Türkmen Logistika Assosiasiýasy Latwiýanyň ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy (LAFF) bilen hyzmatdaşlykda halkara söwdasynyň ösmegine goldaw bermek üçin, “Baltika ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri: hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary artdyrmagyň kartasy” mowzugyna iki tarapyň birleşmeleriniň islegi boýunça onlaýn maslahat geçirildi.

Latwiýa tarapyndan “ACE Logistic Latvia”, “BV GRUPA”, “Vervo” we “MELON” ýaly kompaniýalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapdan bolsa, “Türkmendeňizderýaýollary”  agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agza kompaniýalary: “Amatly ýollar” HJ, “Dawut Ýollary” HK, “Eminli Maslahat” HK, “Merjen ýol” HJ, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” HJ we “Ýükli kerwen” (Kervan Logistics).