ÝUNESKO we milli miras

21 Dekabr 2023
605

Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýinde geçirilen maslahatda muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, bagşy Hudaýberen Baýramow, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Döwran Mädalyýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrat Halbaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa dagy çykyş edip, el hünäri, türkmeniň gaýtalanmajak milli mirasy, bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle-de ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Çynar ANNAÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň müdiri.