Hoşniýetli gatnaşyklara daýanyp

20 Dekabr 2023
654

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem serhetdeş goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmekdir. Şeýle gatnaşyklary öňe ilerletmekde dostluk deňzine öwrülen gojaman Hazaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki bu deňzi parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen uly işler amala aşyrylýar.

Kenarýakasynda ýerleşýän döwletleriň hemmesi üçin, Hazar deňzi ykdysady taýdan örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, hazarýaka döwletleri özüniň ykdysady ösüşini rowaçlandyrmakda, deňziň tebigy baýlyklaryny peýdalanmaga uly ähmiýet berýärler. Balyk tutmak, deňizde ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we kenarýaka uglewodorod çig mallaryny gazyp almak ýaly işler ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde örän ähmiýetlidir. Çünki Hazar deňziniň düýbi uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baýdyr.

Aýmyrat BUGRAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.