Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi

19 Dekabr 2023
555

13-16-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.