Türkmenistan — Türkiýe: netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

8 Dekabr 2023
659

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi.

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz hem Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

"Nesil".