Giň mümkinçilikleriň meýdançasynda

8 Dekabr 2023
573

Paýtagtymyzda açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň 100-e golaýyny bir meýdançada jemledi. Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk hem-de elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär. Nobatdaky gözden geçiriliş baý tejribä eýe bolan iri türk kompaniýalaryna türkmen kärdeşleri bilen, ilkinji nobatda, gurluşyk senagatynda, energetika, himiýa we dokma pudaklarynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge giň mümkinçilik berdi. Iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemlän nobatdaky gözden geçiriliş işewürlik dünýäsi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi ýylsaýyn artýar. Sergi juda köp adamly bolup, onuň çäklerinde işewürlik duşuşyklary-da geçirildi. Netijeli duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.