Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi

7 Dekabr 2023
720

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.