Türkmen-german forumy: ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

7 Dekabr 2023
515

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dekabr aýynda geçirilýän XI türkmen-german forumy milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmekde, ikitaraplaýyn halkara gatnaşygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin dünýäde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen indi köp ýyllardan bäri köptaraplaýyn, ýokary netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekden, amaly tejribe alyşmakdan başga-da, ýurdumyzda täze gurulýan saglyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde bu döwletiň önüm öndürijileri bilen ýokary hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen lukmançylyk derejesine laýyklykda köptaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk».