Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

18 Noýabr 2023
653

Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Sergä gatnaşyjylaryň aglabasynyň şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşan iri senagat kompaniýalarynyň, degişli pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary, dolandyryjylary, hünärmenleri hem-de söwda wekilleridigini bellemek gerek. «Iran Prože» sergisi türkmen bazarynda ozaldan iş alyp barýan we ilkinji gezek ýakyndan tanyş bolýan wekiller üçinem öz önümlerini, taslamalaryny, hyzmatlaryny hödürlemek we geljegi uly türkmen bazary üçin isleg bildirilýän ugurlar bilen ýerinde tanyşmak üçin ýene bir amatly mümkinçilikdir.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.