Daşkentde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar

7 Noýabr 2023
450

Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Gün tertibine laýyklykda, sammitde guramanyň çäklerinde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «Report.az» habar berýär.

Çeşmäniň özbek habar beriş serişdelerine, şol sanda Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp belleýşi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlary guramanyň işini gowulandyrmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşarlar.