YHG-niň Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer

7 Noýabr 2023
453

Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky teswirnama gol çekdi. Bu barada «nCa» internet portaly habar berdi.

Bu resminama 1 — 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde gol çekildi.