TransLogistica Uzbekistan 2023: Türkmenbaşy porty dünýäniň ulag kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi

6 Noýabr 2023
398

2023-nji ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TransLogistika Uzbekistan 2023” atly halkara sergisi geçirildi. Bu çärä 15 ýurtdan 60 dan gowrak kompaniýa gatnaşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem öz sergi stendi bilen çykyş etdi.

Bu çäräniň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Halkara Ulag Forumy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygy we "Awiasiýa we logistika 2023" atly halkara awiasiýa forumy hem geçirilýär. Agzalýan çärelere ýurdumyzyň ýokary derejeli wekilýeti hem gatnaşdy.