Merkezi aziýaly we koreýaly işewür hyzmatdaşlaryň duşuşygy

5 Noýabr 2023
496

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özboluşly itergi beren işewür hyzmatdaşlaryň bu gezekki duşuşyklary mazmun taýdan has baý häsiýete eýe boldy. Sebitiň ýurtlarynyň umumy bähbitlerine laýyk gelýän dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan bu giň möçberli çäreler gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasynyň» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu çäräni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde gurady. Alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşan bu çäräniň dowamynda ýörite ugurlar boýunça 4 sany mejlis geçirildi. Olarda işewür gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, maliýe serişdelerini, wençur gaznalarynyň işini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.