«Baskin Robbins» doňdurmasy Hytaý bazaryna çykar

5 Noýabr 2023
395

30 ýyla golaý wagtlap rugsatnama bilen «Baskin Robbins» doňdurmasyny öndüren Moskwanyň «БРПИ» (ozalky «Баскин Роббинс Продакшн Интернэшнл Лимитед» kompaniýasy) doňdurma fabrigi «Russiýada öndürilen» haryt nyşany bilen önümlerini Hytaý bazaryna çykarmagy meýilleşdirýär.

«Hytaýly müşderiler üçin öndürilmeli doňdurmalarymyz önümçilige we gaplanylmaga doly taýýar ýagdaýda dur. Ýakyn günlerde önümlerimiz Hytaýa barar. Biz öz önümlerimiziň tiz wagtda bölek söwda dükanlarynda, elektron onlaýn söwda meýdançalarynda ýerleşdiriljekdigine berk ynanýarys» diýip, kompaniýanyň baş direktory Agnessa Osipowa gürrüň berýär.

Taýýarlan: Dünýä ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.