Halkara ulag ulgamy — halklaryň abadançylygy

1 Noýabr 2023
311

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şol sanda özara bähbitli daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşynda hem ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi nygtalýar. 2016-njy ýylda Aşgabatda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigini buýsanç bilen belledi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürüldi.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.