Ulag pudagy – türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy

31 Oktýabr 2023
508

Hormatly Prezidentimiz türk hyzmatdaşlaryna bilelikdäki ulag we logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Döwlet baştutany bu barada Ankarada  geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.

Hormatly Prezidenimiz Ulag we aragatnaşyk pudagyny hyzmatdaşlygyň esasy we geljegi uly ugurlaryndan biri hökmünde belläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli aragatnaşyk görnüşlerini birleşdirýän täze ulag infrastrukturasynyň giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.