Türkmen wekiliýeti Tbiliside Ýüpek ýoly forumynyň çäklerinde duşuşyklary geçirdiler

31 Oktýabr 2023
384

Tbilisi şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Hökümetiniň agzalary we Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmak üçin gelen Rumyniýanyň ulag edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Gruziýanyň durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Ulag we infrastrukturalar ministrliginiň döwlet sekretary, "APM Terminals" kompaniýasynyň söwda aragatnaşyklar kompaniýasynyň direktory, "MSC Georgia-nyň" dolandyryjy direktory bilen gepleşikleri geçirdiler.