Täze önümhana işe başlady

2 Oktýabr 2023
1270

Halk hojalygynyň ähli pudagynda gazanylýan üstünlikler ildeşlerimiziň beýik ösüşlere bolan ynamlaryny has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris» diýen sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň öndürijilikli zähmeti netijesinde harytlaryň görnüşleri günsaýyn artyp, önümçiligiň gerimi barha giňeýär. Olar şanly baýramy zähmet ýeňişleri bilen has-da şöhratlandyrýarlar. Muny «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň ýakynda işe girizen, Mary şäherinde ýerleşýän nah ýüplük öndürýän täze sehiniň mysalynda hem görmek bolýar.

2022-nji ýyldan bäri kärhanada öndürilýän dokma önümleriniň hiliniň dünýä ülňülerine laýykdygy aýratyn bellärlikli. Bu ýerde ýapynjalary, çalgyçlardyr jins we nah matalaryň dürli görnüşini öndürmek işi-de barha ilerleýär. Göze gelüwli, owadan bezegli önümler alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri goňşy ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde 400-e golaý adam zähmet çekýär. Olaryň köpüsiniň ýaşlardygyny aýtmak has-da ýakymly.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.