Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda hem uly üstünlikler gazanylyp, halkara hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Şu ýylyň ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döwletimizde saparda boldy. Rus wekiliýetiniň Türkmenistana bu amala aşyran saparynyň çäklerinde ençeme ugurlar boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama hem-de 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda özara hereket etmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi.