Berekedi artýan kärhana

12 Sentýabr 2023
1152

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň gündelik aladalary, goldawy bilen telekeçileriň iş öndürijiligi has ýokarlanýar. Olar tarapyndan senagat we azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň öndürilişi ýylsaýyn artýar. 1992-nji ýyldan bäri halka datly tagamlary hödürläp gelýän hojalyk jemgyýetleriniň biri-de «Bereketlidir». Onuň öndürýän önümleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da bellidir. «Bereketliniň» çykarýan çaýy, şöhlat önümleri söwda nokatlarynyň tekjesinde köp durmaýar. Çünki olaryň hyrydary barha köpelýär.

Hojalyk jemgyýeti öz işini hytaý gök çaýyny, hindi gara çaýyny gaplamakdan başlady. Ol çaýlar gysga wagtda türkmenistanlylaryň uly höwes bilen satyn alýan harytlarynyň birine öwrüldi. Bu gün kärhana tarapyndan çaýlaryň 25-e golaý görnüşi alyjylara hödürlenýär. Halkara sergilerde çaýlar baýrakly orunlara-da mynasyp bolýar.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».