Bol miweli alma bagy

9 Sentýabr 2023
1290

Heran-haçan bag barada söhbet açylsa, näme üçindir, miweleriň hatarynda ilkinji bolup alma seriňe dolýar. Ýaňy orta mekdebe baran ýa-da heniz çagalar bagyna gatnaýan körpelere: «Hany, bäş-alty sany miwäniň adyny sanap ber!» diýseňiz, olar ilki almanyň adyny tutar. Bu almanyň diňe bir türkmen topragyna däl, türkmen halkynyň göwnüne hem ýakynlygyndan bolmaly. Bu miwäniň topragymyzy söýşüne bolsa söz ýok. Hasaňy dürtseň hem gögerýän topragymyzda almanyň, gör, näçe görnüşi bitýär.

Hojambaz etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde 10 gektara uzaýan almaly bagyň peýda bolanyna heniz kän wagt geçenok. Eýýäm bu bag «Ýunus daýhanyň» bagy diýlip, tutuş Lebapda meşhurlyk gazandy. Munuň ilkinji sebäbi bagyň adaty däldigidir. «Ýunus daýhanda» «bagçylyk» diýilýän düşünjä düýbünden täze many, täze öwüşgin çaýylypdyr. Daýhan hojalygynyň hünärmenleri we bagbanlary ýokary hasyl almak üçin döwrebap tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).