Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän sepgitler eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden – ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi hakyndaky hoş habar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde has belende göterilýändigini äşgär edýän taryhy pursatdyr.