Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda işjeň daşary syýasaty amala aşyrýan ata Watanymyz oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dünýäniň ençeme döwleti, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ýola goýulýar.