Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde

7 Iýul 2023
422

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly – 2023» halkara rallisindäki çykyşlaryna başladylar. Halkara rallisi 6-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda badalga aldy. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Ýüpek ýoly» rallisiniň şu ýylkysyna milli ekipažlarymyzyň üçüsi gatnaşýar.

Bu ralliniň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

«Türkmen sporty».