Futbol täzelikleri

7 Iýul 2023
508

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (MAFA) bilelikde guramagynda ýurdumyzyň futbol tälimçileriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi.

Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynyň mejlisler zalynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri bilen birlikde, MAFA-nyň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy özbegistanly Ruslan Sulaýmanow çykyş etdiler.

Allanur Çaryýew,
«Türkmen sporty».