Halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygy

7 Iýul 2023
317

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebi türkmen türgenleriniň 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek XIX Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegini, ýokary netijelere eýe bolmagyny gazanmak boýunça meýilnamalaýyn işleri alyp barýar. Bu işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagy olaryň has-da netijeliligini üpjün edýär.

Sportuň boks görnüşi hem ýokarda ady agzalan ýaryşa gatnaşmak boýunça kesgitlenen görnüşleriň biri bolup durýar. Mekdebimizde boks boýunça 3 tälimçi-mugallym zähmet çekýär. Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndy toparynyň esasy düzümini mekdebimiziň türgenleriniň düzýändigini aýratyn belläp geçmelidiris.

Atageldi PALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň orunbasary.