Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

7 Iýul 2023
425

Mary şäherinde 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýaş gandbolçylary üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryşda welaýatymyzyň oglanlar topary ikinji orny eýeledi. Olar ýaryşyň ýeňijisi paýtagtly oýunçylardan bary-ýogy iki utuk yza galdylar. Emma olar ýaryşda üçünji orna düşen maryly türgenlerden bolsa 15 utuk tapawut bilen arany açdylar. Welaýatymyzyň oglanlar ýygyndysynyň düzüminde Türkmenabat şäheriniň we Çärjew, Dänew, Köýtendag etraplarynyň türgenleriniň bardygyny ýatlamak ýerlikli bolar.