Ýörite olimpiadanyň şowlulyklary

7 Iýul 2023
303

Lebaply türgenleriň birnäçesi Türkmenistanyň Ýörite olimpiýa Milli merkeziniň ýygyndy toparynyň düzüminde Tomusky Ýörite olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen olimpiadada türkmen türgenleri sportuň alty görnüşi boýunça ýaryşdylar.

Dünýäniň dört gezek çempiony, köpsanly rekordlaryň eýesi, türkmenabatly türgen Babajan Rozyýewiň gazanan üstünligini aýratyn bellemek gerek. Ol 1500 we 3 müň metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşlara daun sindromly ýeke-täk türgen bolup gatnaşdy. Muňa garamazdan, 37 ýaşly türgen 1500 metr aralyga ylgamakda pellehana üçünji bolup geldi, 3 müň metr aralyga geçirilen ýaryşda bolsa ilkinji bäşlige girdi.