Trans­fer tä­ze­lik­le­ri

7 Iýul 2023
564

«Çelsi» ýyldyzlaryny bäsdeşlerine ugratdy

«Pre­mi­er Li­ga­da» möw­sü­mi ju­da şow­suz ta­mam­lan «Çel­si» klu­by elin­dä­ki ýyl­dyz­la­ry bi­rin-bi­rin ug­rat­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Köp wagt­dan bä­ri «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len ady ag­zal­ýan Meý­son Maunt hem klub­dan gaý­dan­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 24 ýa­şyn­da­ky haw­bek özü­ni 5 ýyl­lap «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» bag­la­ýan şert­na­ma gol çek­di. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» to­pa­ry ýa­rym­go­rag­çy­nyň trans­fe­ri üçin «Çel­si» klu­bu­na 55+5 mil­li­on funt ster­ling tö­lär. Ýyl­dyz oýun­çy tä­ze klu­bun­dan hep­de­lik 250-300 müň funt ster­ling hak alar. «Çel­si­de» fut­bo­la baş­lan Maunt «Wi­tes­se» hem-de «Der­bi Ka­un­ti» klub­la­ryn­da kä­ren­de­si­ne çy­kyş et­di. Ol «Çel­si­de» 4 möw­süm­de 195 oýun­da 33 gol ge­çir­di. Maunt Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 36 ge­zek meý­dan­ça çy­kyp, 5 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Meý­son Maunt tä­ze klu­bun­da ozal Jorj Best, Bra­ýan Rob­son, Erik Kan­to­na, De­wid Bek­ham hem-de Kris­tia­no Ro­nal­do ýa­ly ägirt­le­riň, ro­wa­ýa­ty­la­ryň ge­ýen 7-nji bel­gi­li köý­nek­çe­si­ni ge­ýer.