Wers­tap­pe­niň yz­ly-yzy­na 5-nji,«Red Bulluň» 10-njy ýeň­şi

7 Iýul 2023
384

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­nyň Spil­berg şä­he­rin­dä­ki «Red Bull Ring» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­lip, soň­ky çem­pi­on ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýa­ry­şy baş­la­ýşy ýa­ly ta­mam­lap, ol 71 aý­la­wy 1 sa­gat 25 mi­nut 33,607 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Sprint ýa­ry­şyn­da-da öňe saý­la­nan Wers­tap­pen bas­syr 5-nji, möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 42-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di.

Bu ýe­ňiş «Red Bull» to­pa­ry­nyň bas­syr 10-njy, şeý­le-de soň­ky 20 «Gran Pri»-de 19-njy ýe­ňşidir. To­par no­bat­da­ky ýa­ryş­da hem ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­lar. «McLa­ren» to­pa­ry 1988-nji ýyl­da ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji­le­ri Aýr­ton Sen­na hem-de Alen Prost bi­len yz­ly-yzy­na 11 ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.