Neý­ma­ra 3,5 mil­li­on dol­lar­lyk je­ri­me sa­lyn­dy

7 Iýul 2023
380

PSŽ to­pa­ry­nyň bra­zi­li­ýa­ly su­per ýyl­dy­zy Neý­mar agyr je­ri­mä se­ze­war bol­dy. Oňa ýur­dy Bra­zi­li­ýa­da­ky mülk ýe­rin­de daş­ky gur­şa­wy bo­zan­dy­gy üçin 3,5 mil­li­on dol­lar­lyk je­ri­me sa­lyn­dy. Ol öz mülk ýe­rin­de eme­li köl dö­re­dip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň düz­gün­le­ri­niň 4-si­ni bo­zup­dyr. Ýag­ny oňa daş­ky gur­şa­wa de­giş­li iş­le­riň rug­sat­syz edil­me­gi, der­ýa­nyň su­wu­nyň bi­rug­sat alyn­ma­gy hem-de ug­ru­nyň üýt­ge­dil­me­gi, şeý­le-de, ýe­riň ga­zy­lyp, ösüm­lik­le­riň üýt­ge­dil­me­gi ýa­ly eden bi­düz­gün­çi­lik­le­ri üçin agyr je­ri­me sa­lyn­dy. Se­bi­tiň ge­ňe­şi je­ri­mä­niň tas­syk­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Neý­ma­ryň mülk ýe­ri Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­ne 130 ki­lo­metr daş­lyk­da­ky sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Neý­ma­ryň bu mülk ýe­rin­de eme­li köl­den baş­ga-da, di­ku­çar üçin ýö­ri­te meý­dan­ça, ýü­züş how­zy, SPA hem-de ki­çeň­räk sport za­ly bar.