136-njy «Wimb­le­don» ten­nis ýa­ry­şy

7 Iýul 2023
439

Hep­dä­niň du­şen­be gü­ni, has ta­ky­gy, 3-nji iýul­da möw­sü­miň 3-nji «Uly tu­wul­ga­sy» bo­lan «Wimb­le­don» ten­nis bäs­le­şi­gi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Lon­do­nyň Wimb­le­don diý­len ýe­rin­de gu­ral­ýan ýa­ryş 136-njy ge­zek ge­çi­ril­ýär. 16-njy iýu­la çen­li do­wam et­jek bäs­le­şi­giň umu­my baý­rak gaz­na­sy 44,7 mil­liard funt ster­lin­ge deň bo­lup, ýe­ňi­ji­le­re – er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan­la­ra aý­ra­tyn­lyk­da, 2,35 mil­li­on funt ster­ling pul baý­ra­gy ber­ler.

Il­kin­ji ge­zek 1877-nji ýyl­da ge­çi­ri­len «Wimb­le­don» dün­ýä­niň iň ga­dy­my ten­nis bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýar. «All Eng­land Lawn Ten­nis and Croquet Club» at­ly klub ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan «Wimb­le­don» bäs­le­şi­gi beý­le­ki «Uly tu­wul­ga­lar­dan» kä­bir zat­lar­da ta­pa­wut­lan­dy­ryl­ýar. «Wimb­le­don»-yň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy du­şu­şyk­la­ryň ýa­şyl ot­ly kort­lar­da ge­çi­ril­me­gi­dir. Şeý­le-de, ýa­ry­şyň kä­bir öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lup, go­ýy ýa­şyl hem-de be­new­şe reňk­ler bäs­le­şi­giň res­mi reň­ki ha­sap­lan­ýar (1909-njy ýyl­dan bä­ri). Kort­la­ryň ar­ka­syn­da­ky skor­bor­duň reň­ki-de go­ýy ýa­şyl bol­ma­ly edi­lip, ol ýa­ry­şyň düz­gün­le­ri­niň bi­ri­dir. Edil ýa­zyl­gy bol­ma­sa-da ten­nis­çi­le­riň ak eşik­de bol­ma­gy zerur­dyr. Şol san­da ten­nis­çi­ler du­şu­şy­ga çy­kan­da, du­şu­şyk ta­mam­la­nan­da ýö­ri­te pro­to­kol düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­li­dir­ler. Du­şu­şyk­lar do­wam ed­ýän ma­ha­ly ýa­gyş ýag­sa, mer­kez kort­dan ga­lan kort­la­ryň üs­ti bre­zent bi­len ýa­py­lyp, ara­kes­me be­ril­ýär. Mer­kez kortuň, şol san­da 2019-njy ýyl­dan bä­ri 1-nji kor­tuň üçe­gi aw­to­ma­tik usul­da açy­lyp ýa­pyl­ýar.