«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023
Bedew batly ösüşleri özüne hemra edinip, baky bagtyýarlyk ýolundan barha öňe barýan eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar.