Welaýatlardan gowşan habarlar

11 Iýun 2023
239

«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023

Bä­her­den et­ra­by­nyň eder­men ba­ba­daý­han­la­ry­nyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de ke­ma­la ge­ti­ri­len be­re­ket­li dä­nä­niň bol ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­na­mak iş­le­ri gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Bu mö­hüm we jo­gap­kär­li möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, TMÝG-niň Bä­her­den et­rap Ge­ňe­şi, TAP-nyň Bä­her­den et­rap ko­mi­te­ti, et­rap jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri et­ra­byň çäk­le­rin­de daý­han bir­le­şik­le­ri­ne ba­ryp, eder­men gal­la­çy­la­ry­my­z üçin me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da aý­dym-saz­ly çä­re­le­ri yz­ygi­der­li ge­çi­rip dur­ýar­lar. Bu bol­sa ba­ba­daý­han­la­ry­my­zy tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Şu gün­ler gal­la ora­gy gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Et­rap jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri hem has tapawutlanýan oba hojalyk işgärlerine hö­wes­len­di­ri­ji sow­gat­lary gow­şur­ýar­lar.