Öz dünýäsiniň şa gyzy

11 Iýun 2023
322

«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023

Şahyr şygyrlary arkaly tanalýar. Şonuň üçinem, Suraýyň özi hakda bilýän zadym az bolsa-da, goşgularynyň üsti bilen aýdara zadym bar. Suraýyň döredijilik bilen gatnaşygy beýleki galamdaşlarymyzdan tapawutlylykda has içgin, has gadyrly. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Suraýyň okyja däl-de, öz-özüne wepalylygyndan gelip çykýar. Onuň şygyrlaryny okanyňda, aýnanyň öňüne geçip, öz-özi bilen gürleşýän, özünden hiç zady gizlemeýän, gerek bolsa, öz başyndan özi sypap, öz elinden özi tutup, özüni ýokary galdyrýan bir gyz göz öňüňe gelýär. Eýsem, adama özünden golaý adam barmy näme? Ýok! Suraý munuň şeýledigine bireýýäm göz ýetirdi.

Aýgül GARAÝEWA,
şahyr.